Soňky habarlar

Arhiw

FIFA-nyň sanawy: Türkmenistan ozalky ornunda galdy

17:1323.10.2020
0
5847

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen sanawynda 129-njy orny eýeleýär. 1107 utuk toplan milli ýygyndymyz sanawda Sudan bilen Litwanyň aralygynda ýerleşýär.

Umuman, milli ýygyndymyz 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri şu orundan üýtgemän gelýär. Muňa türkmen futbolçylarynyň soňky bir ýyyň içinde resmi ýa ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmändigi sebäpdir. Mälim bolşy ýaly, Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama duşuşyklary hem soňa süýşürildi.

Sanawyň başyny Belgiýanyň futbol ýygyndysy çekýär. Fransiýa ikinji, Braziliýa üçünji orunda. Öňdäkileriň bäşligini Angliýanyň we Portugaliýanyň ýygyndylary jemleýär.

Dünýä çempionaty ― 2022-däki bäsdeşlerimizden Koreýa Respublikasy 38-nji, Liwan 91-nji, KHDR 115-nji, Şri-Lanka bolsa 206-njy orunda.

Sanaw indiki gezek 26-njy noýabrda täzelener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň