Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020: ertir 21-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

10:5823.10.2020
0
1665
TÝL ― 2020: ertir 21-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler. Üçünji aýlawyň jemleýji tapgyry boljak duşuşyklaryň ikisi Aşgabat, galan ikisi Balkanabat we Mary şäherlerinde geçiriler.

Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynde geçiriljek duşuşykda adybir topar Marynyň «Merwini» kabul eder. Duşuşyk öýlän sagat 17-de başlar. Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda sagat 16-da başlanjak duşuşykda bolsa ýerli «Nebitçi» ýaryş tertibiniň öňdebaryjysyny ― «Altyn asyry» kabul eder. Bu duşuşykda «Altyn asyr» deňme-de oýnap bilse-de, Ýokary liganyň şu möwsüminde 50 utuk gazanan ilkinji topar bolar.

Şol gün paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen «Ahal» duşuşar. Tejenli A.Goşşanowyň baş eminlik etjek duşuşygy öýlän sagat 16-da başlanar.

Mary şäherinde bolsa ýerli «Energetik» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul eder.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtyna salgylanyp, duşuşyklaryň geçiriljek ýeri, başlanjak wagty we eminleri baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýarys:

21-nji tapgyryň duşuşyklary:

24.10.2020 ý. (şenbe)

 “Köpetdag” – “Merw”

Geçirilýän ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 17:00

Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), N.Garajaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

 

 “Nebitçi” – “Altyn Asyr”

Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

 

 “Aşgabat” – “Ahal”

Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)

Başlanýan wagty: 16:00

Duşuşygyň emini: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

“Energetik” – “Şagadam”

Geçirilýän ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Başlanýan wagty: 15:30

Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: B.Atajanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň