Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlady

20:1022.10.2020
0
2649
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlady

Şu gün – 22-nji oktýabrda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Ýokary derejede syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň giňeldilýändigi aýratyn nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyrýan saparlarynyň derwaýys ähmiýeti bellenildi we olaryň gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn özarahereketleriň has hem pugtalandyrylmagyna itergi berýändigi aýdyldy.

Abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlarynyň we teklipleriniň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Bu ugurda taraplar global gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar.  

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda iki döwletiň syýasy ulgamdaky özarahereketleriniň aýrylmaz bölegini düzýän parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň döwlet hem-de hususy pudaklarynyň durmuşa geçirýän netijeli we önjeýli işleriniň ähmiýetini nygtamak bilen, onuň ykdysady, şol sanda syýasy özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna, şonuň ýaly-da türkmen bazarynda ýapon maýa goýumynyň işjeňliginiň artdyrylmagyna itergi berýändigini belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçä ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi. Bu ugurda soňky ýyllarda iki dostlukly döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylandygy, nebithimiýa pudagyndaky, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýän iri senagat desgalarynyň taslamalaşdyrylmagy we gurluşygy ulgamyndaky özara hereketleriň görnetin giňeldilendigi aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Katsumata Takahiko döwlet Baştutanyna we DIM-niň ýolbaşçysyna özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini netijeli durmuşa geçirmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy we hemaýaty üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň