Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan koronawirusa garşy iň ýokary hilli waksinany satyn almagy meýilleşdirýär

21:3720.10.2020
0
34605

Şu gün – 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow bilen iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň barşynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýurduň çägine getirilmeginiň öňüni almak bilen bagly alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak we ilatyň saglygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de häzirki wagtda dünýä ýurtlarynda koronawirusa garşy öndürilen iň täze, ýokary hilli waksinany satyn almak boýunça guramaçylyk işlerini geçirmek barada ministre degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň