Soňky habarlar

Arhiw

Futbol taryhynyň iň ökde derwezeçisi kim? Ýaşinmi, Kasilýasmy, Buffonmy...

19:1520.10.2020
0
832

Ozal habar berlişi ýaly meşhur futbol žurnaly “France Football” futbolyň taryhyndaky simwolik ýygyndyny düzmek üçin birnäçe oýunçyny dalaşgärlige hödürläpdi. 3-4-3 taktikasy esasynda düzüljek toparyň derwezeçisi bolmak üçin 10 derwezeçiniň ady dalaşgärlige görkezildi. Olaryň arasynda dünýä belli derwezeçiler bolup, Altyn top baýragyny gazanan ýeke-de täk derwezeçi Lew Ýaşin hem bar. Italiýadyr Germaniýanyň hersinden 2 derwezeçiniň bolmagy bellärliklidir. Dekabr aýynda mälim ediljek simwolik toparyň derwezeçisi hökmünde aşakdaky 10 derwezeçiniň biri saýlanar:

Lew Ýaşin (SSSR), Gordan Benks (Angliýa), Toma Nkono (Kamerun), Janluiji Buffon (Italiýa), Peter Şmeýhel (Daniýa), Iker Kasilýas (Ispaniýa), Edwin wan der Sar (Niderlandlar), Zepp Maýer (Germaniýa), Dino Zoff (Italiýa), Manuel Noýer (Germaniýa).   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň