Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmentelekom» müşderileri üçin tehniki goldaw hyzmatyny hödürledi

17:3720.10.2020
0
28966

«Türkmentelekom» telekommunikasiýa kompaniýasy öz resmi web sahypasynda 071 tehniki goldaw hyzmatynyň işe başlandygyny habar berdi.Tehniki goldaw hyzmaty Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan gelýän jaňlary kabul edýär. 071 belgä jaň edip, Türkmenistanyň islendik ýerinden ýaşaýan ýeriňdäki merkezi operatora haýal etmän birigip bolýar.

071 hyzmaty nähili işleýär?

Islendik raýat 071 belgä jaň etmek arkaly şulary edip biler:

Uzak aralyga ýa-da halkara jaňlary sargyt etmek;

«09» goldaw hyzmatyna meňzeş kömek üçin maglumatlary almak;

«Türkmentelekom-yň» müşderileri telefon, internet, kabelli teleýaýlymlar üçin hyzmatlardan peýdalanyp bilerler.

Operatorlar gelýän jaňlara jogap berip, müşderileriň haýyşlaryny degişli bölümlere ibererler. Jaň edýän müşderi diňe gerekli hyzmaty ýa-da näsazlygyň görnüşini düşündirmegi ýeterlikdir. «Birinji tapgyrda» tehniki çylşyrymlylyk derejesine görä müşderiniň islegi kanagatlandyrylýar.

Ýönekeý ýüze çykan näsazlyklar haýal etmän ýerinde çözüler, çylşyrymly näsazlyklar bolsa ýörite iş alyp barýan inženerlere iberiler

Müşderilerden gelýän jaňlar awtomatik usulda ýöredilýär we «Online tehnik» mobil programmasyny ulanýan tehniklere geçirilýär. Kompaniýanyň ussat tehnikleri programma arkaly gelýän takyk maglumatlary alarlar, ýagny müşderiniň salgysy, telefon belgisi şeýle-de düzedilmeli kemçilikleri we ş.m.

Tehnik salgy boýunça hereket edip, ýüze çykan näsazlyklary düzeder we bu işi tamamlamak üçin «akylly» programma dört belgili kody girizmeli bolar. Bu kot müşderiniň özüne iberilýär.

071 tehniki goldaw hyzmaty müşderiler üçin gije-gündiziň dowamynda elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň