Soňky habarlar

Arhiw

14 ýaşly okuwçynyň ylmy açyşy “COVID-19” bejergisiniň çözgüdi bolup biler

15:2120.10.2020
0
2793

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaşaýan 14 ýaşly Anika Çebrolu ýokanç keseli bejermekde çözgüt bolup biljek möhüm açyş etdi. Ýaş gyzyň açyşy wirusyň öýjüge girmeginiň öňüni alyp biler we “COVID-19” hassalaryny bejermek babatda güýçli derman döretmek üçin ulanylyp bilner.

Täze görnüşli “COVID-19” ýokanç keseliniň ýüze çykanyna bir ýyl töweregi wagt geçenem bolsa, henizem görnüp duran bejeriş usuly ýok. Dünýäniň dürli künjeginden alymlar mümkin bolan sanjymlaryň üstünde işlemegi dowam etdirýärkä, 14 ýaşly bir gyz “COVID-19” bejergisi üçin çözgüt bolup biljek açyş etdi.

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýaşaýan Anika Çebrolu atly bir ýaş gyz, SARS-COV-2 wirusynyň köp mukdarda belogy bilen baglanyşýan we işlemeginiň öňüni alýan molekulany döretdi. Bu açyşy oýlap tapanyndan soň, Çebrolu “3M Young Scientist Challenge” atly ýaş  alym bäsleşiginiň ýeňijisi saýlandy we 25 000 dollar baýrak aldy. Ýaş gyz täzeçe açyş edip, üstünlik gazanandygy üçin "Amerikanyň iň gowy ýaş alymy" diýen ada hem eýe boldy.

Anikanyň açyşy, “COVID-19” howpuny ýok etmeklik babatda alnyp barylýan ylmy gözleglerde ep-esli öňe gidişlige sebäp bolup biler. Onuň açan molekulasy, ýokanç keseldäki süýümli belogy birikdirip, wirusyň öýjüge girmeginiň öňüni alyp biler we COVID-19 hassalaryny bejermek üçin güýçli derman döretmek babatda ulanylyp bilner.

Tehasda ýaşaýan gyz millionlarça ownuk molekulalary anyklamaklyk üçin  “in-silico” metodologiýasyny (kompýuterde ýa-da kompýuter simulýasiýasy bilen geçirilen usullar we synaglar) ulandy. Ilki başda öz taslamasyny “influenza’ (dümew) diýlip atlandyrylýan grip wirusyna gönükdirmegi meýilleşdiren Anika, soňra öz pikirini üýtgedýär we taslamasyny “COVID-19” pandemiýasyna görä düzýär.

Taslamany hödürläninde 8-nji synpa giren ýaş gyz CNN teleýaýlymynda öz açyşyny “COVID-19” ýokanç keseli bejergisiniň hakyky çözgüdi ýagdaýyna getirmeklik üçin ýokary derejeli alymlar we ylmy-gözlegçiler bilen işleşmek isleýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň