Soňky habarlar

Arhiw

Dünýädäki ilkinji Akylly elektrik ulagynyň batareýasy yglan edildi

12:4320.10.2020
0
1055

Slowakiýada ýerleşýän batareýa gözleg, ösüş we önümçilik kompaniýasy bolan “InoBat” dünýäde ilkinji akylly elektrik ulagynyň batareýasyny yglan etdi. “InoBat” şereketiniň baş direktory tarapyndan “GLOBSEC Tatra Sammit 2020” maslahatynda yglan edilen akylly elektrik ulagynyň batareýasy has köp tehnologiýany we has ýokary öndürijiligi wada berýär.

 Elektrik ulaglary üçin batareýalar 15 sekuntda kuwwatlandyrylmaklyk üçin niýetlenilendir. Bu meselede aýdylanlara görä, InoBat şereketiniň batareýany öndürmekde we ösdürmekde tehnologiýa gönükdirilen çemeleşmesi, kompaniýany önümçiligini has çalt we has netijeli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär hem-de batareýanyň işleýşini ep-esli ýokarlandyrýar. “InoBat” şereketi tarapyndan yglan edilen iň soňky batareýa öýjügi elektrik ulaglarynyň diapazonyny 20 göterim ýokarlandyrmagy wada berýär.

 “InoBat” kompaniýasy watanynda dünýädäki ilkinji emeli akyl ýetiriş ukyby bilen işleýän batareýa gözleg merkezini we önümçilik desgasyny gurar. Mundan başga-da, kompaniýa 1 milliard ýewro maýa goýum bilen gurmagy meýilleşdirýän 10 GWt Gigafaktory bilen 240,000 elektrik ulagy üçin batareýa öndürmegi meýilleşdirýär. “InoBat” şu gün yglan edilen akylly batareýasynyň önümçiligine 2021-nji ýylda başlar.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň