Şu gün Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan gorag örtüklerini geýmegi maslahat berýän SMS hatlary gelip başlady.
«Hormaltly adamlar! Saglygyňyzy berkitmek üçin, agyz-burun örtügini dakmak, köpçülik ýerde aralygy 2 metr saklamak, şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär. TSG we DSG»-diýip sms habarynda aýdylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda infeksiýanyň öňüni almak maksady bilen, çäreleriň birnäçesi geçirildi. Olaryň hatarynda halkara awiagatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylmagyny, ýurduň içinde otlularyň we awtobuslaryň hereketiniň wagtlaýyn bes edilmegini, metjitleriň, jemgyýetçilik iýmiti we söwda merkezleriniň çäklendirilmegi ýaly çäreleri görkezip bileris.