Turkmenportal logo
05.05.24
1347113471
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň ýygyndysy gyrgyz dilinde neşir edildi

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Gyrgyzystandaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň ýardam bermeginde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň gyrgyz dilinde «Magtymguly: Saýlanan eserler» atly ýygyndysy neşir edildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy habar berdi.


Ýygyndyda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň gyrgyz diline terjime edilen 66 goşgusy bar. Şeýlelikde, gyrgyz okyjylary Magtymgulynyň eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga we poeziýasynyň ruhuna has çuňňur aralaşmaga mümkinçilik aldylar.