Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Pekinde döwlet dolandyryşy boýunça okuwa gatnaşarlar

10:5105.05.2024
0
14081

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin uniwersitetinde döwlet dolandyryşy boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşarlar. Bu barada HHM habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw Pekin uniwersitetiniň bilim gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän (Dongfang) taslamasynyň çäginde geçiriler. Diňleýjiler 56 ýurduň wekilleri bilen birlikde hökümet bölümlerine we hususy kärhanalara baryp görerler.

Okuw 6-njy iýunda gutarýar. Oňa gatnaşyjylara Pekin uniwersiteti tarapyndan şahadatnama gowşurylar.

Bu taslama Hytaýda dolandyryşyň aýratynlyklaryny tanatmak maksady bilen, 2019-njy ýylda başlandy. Taslamanyň diňleýjileriniň hatarynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş ýolbaşçylar, hökümet bölümleriniň, syýasy partiýalaryň, pikir merkezleriniň we akademiýanyň wekilleri bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň