Soňky habarlar

Arhiw

“SpaceX” ýene-de 60 sany “Starlink” hemrasyny orbita üstünlikli uçurdy

09:5819.10.2020
0
775

“SpaceX” 2020-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Florida ştatynyň Kanaweral şäherinde ýerleşýän ABŞ-nyň howa güýçleriniň bazasyndaky “LC-39A” uçuş toplumyndan 60 sany “Starlink” telekommunikasiýa hemrasy bilen “Falcon 9” raketasyny üstünlikli uçurdy. Indi bu aragatnaşyk ulgamy ýeriň golaýynda 833 kosmiki gämini öz içine alýar.

Düýnki “Starlink” hemralarynyň uçurylyşy “SpaceX”-iň şu aýdaky ikinji, ulgam işe başlaly bäri bolsa on dördünji hemra uçuryşy boldy. “Starlink” 60 hemrasynyň öňki toplumy şu ýylyň 6-njy oktýabrynda üstünlikli uçuryldy.
Uçurylandan bir sagat soň, 60 hemra ýerleşdirmeklik işine başlandy.

 “SpaceX” “Starlink” taslamasynyň çäginde 2019-njy ýylyň maý aýyndan bäri kiçi hemra toparyny orbita iberýär. Taýýar ulgam, ulanyjylara 1 Gbit/sek tizlikde 25-35 millisekunt tizlik bilen giň zolakly internete girmegi üpjün edýär. 
“SpaceX” “Starlink” bilen 2020-nji ýylda Demirgazyk Amerikany, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa tutuş planetany gurşap almagy meýilleşdirýär. Taslamanyň bahasy 10 milliard dollar.
Awgust aýynda ilkinji “Starlink” ulanyjylary tizlik ölçeglerini çap etdiler: “SpaceX” hemra aragatnaşygy 100 Mbit / s tizlige kabul edildi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň