Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy Ýeriň uzakdan duýgur ulgamy üçin «SMOTR» atly optiki hemra öndürer

15:1714.10.2020
0
979

Gazprom, «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň goldawy bilen, Moskwanyň Şelkowo şäherinde kosmos gämileri üçin öz gurnama zawodyny döredýär. «Yamal» aragatnaşyk hemralaryndan başga-da, täze kärhana «SMOTR» atly Ýeriň uzakdan duýgur ulgamy üçin optiki hemra öndürer. Gazprom desgalarynyň ýokary derejeli senagat we daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmeklik üçin geotehniki gözegçilik we howpsuzlyk zolaklaryna  berk gözegçilik  mümkinçiliklerini giňelder.

2024-nji ýylda alty hemranyň ilkinjisini – «SMOTR-V»-i uçurmaklyk meýilleşdirilýär. 

Gazprom öz gurnama zawodyny parnik gazlarynyň zyňyndylaryna gözegçilik etmeklige niýetlenilen enjamlar bilen enjamlaşdyrmaklygy hem meýilleşdirilýär. Zawodda taýýarlanyljak indiki kosmos gämisi «Yamal-501» we «Yamal-502» hemralary bolar, olaryň uçurylyşy degişlilikde 2024 we 2025-nji ýyllara meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň