Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýa COVID-19 sanjym barlaglary üçin 130 million dollar goldaw berer

15:4810.10.2020
0
760

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu Motegi ösýän ýurtlaryň koronawirus sanjymyna adalatly elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen 172 ýurduň gatnaşmagynda başlanan COVAX başlangyjy üçin öz ýurdunyň 130 million dollardan gowrak goşant goşjakdygyny mälim etdi. Şeýle-de, ol bu goldawyň Ýaponiýanyň iýun aýynda sanjym bileleşigi GAVI-a hödürlän 300 million dollarlyk maliýe goldawynyň bir bölegidigini aýtdy.

Toşimitsu Motegi saglygy goraýyş hyzmatlary boýunça ministrler derejesinde geçirilen halkara onlaýn ýygnagynda sanjym barlaglary boýunça öz ýurdunyň edýän tagallalaryna ünsi çekmeklik bilen: "Ýaponiýa täze koronawirusa garşy göreş çäginde saglygy goraýyş hyzmatlaryny, esasanam sanjymlary öndürmek we adalatly paýlamak üçin möhüm ähmiýetli işleri amala aşyrar" diýdi. Ýapon ministri, öz sözüniň ahyrynda bütin ýer ýüzüni COVID-19-yň bejergisinde ulanyljak dermanlar bilen üpjün etmeklik, ösýän ýurtlaryň synag kuwwatyny ýokarlandyrmaklyk we saglyk ulgamlaryny berkitmeklik boýunça tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini mälim etdi.



Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň