Soňky habarlar

Arhiw

Bangladeş Russiýadan koronawirusa garşy sanjym soraýar

10:1009.10.2020
0
874

Russiýanyň RIA Nowosti habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Bangladeşiň Daşary işler ministri Abul Kalam Abdul Momen rus kärdeşleri bilen bolan söhbetdeşliginde Bangladeşiň hökümetine sputnik V sanjymynyň gysga wagtda gowşurylmagyny haýyş etdi.

Abul Kalam Abdul Momen öz rus kärdeşlerine ýüzlenip:“Biz Russiýa bilen aragatnaşyk saklaýarys. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Saglygy goraýyş ministrimiz öz rus kärdeşine gysga wagtda sanjym almak teklibi bilen ýüz tutdy" -diýdi. Şeýle hem ol, ýurduň Moskwadaky ilçihanasynyň bu meseläni Russiýanyň hökümeti bilen maslahatlaşandygyny we Russiýa Federasiýasynyň Bangladeşiň sanjymlary kabul edýän ýurtlarynyň sanawynda durjakdygyny aýtdy. 

Ministr sözüniň ahyrynda: "Russiýanyň ýokary netijeli Sputnik V atly COVID-19 sanjymyny taýýarlandygyna begenýäris. Rus hökümetini we alymlaryny bu ugurdaky yhlasly zähmeti we üstünlikleri bilen gutlaýaryn" –  diýip, minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň