Soňky habarlar

Arhiw

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerine “Internet banking” hyzmatyny hödürleýär

10:2008.10.2020
0
10041

“Rysgal” PTB müşderilere “Internet Banking” hyzmatyny hödürleýär diýip “Neýtralny Turkmenistan” gazetinde habar berilýär.

Internet banking hyzmatynyň işjeňleşmegi bilen müşderiler kompýuterleriň ýa-da ykjam enjamlaryň kömegi bilen banka gitmezden aşakdaky hyzmatlary ulanyp bilerler:

• Müşderi hasaplarynyň arasynda pul geçirimleri;
• Ýönekeý tölegleri bank müşderilerine we beýleki bankyň müşderilerine geçirmek;
• Ýygy-ýygydan ulanylýan adaty töleg sargyt nusgalaryny döretmek we bu nusgalara esaslanyp töleg sargytlaryny döretmek;
• Potratçylaryň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we beýleki maglumatlarynyň sanawyny ýöretmek;
• Häzirki balansy barada we müşderi hasabynyň göçürmesini almak;
• Goýumlar we karzlar barada maglumatlary görmek;
• Bank tarapyndan iberilen habarnamalary almak;
• Bank bilen hat alyşmak;
• Daşary ýurt walýutalarynyň kurslaryny görmek.

“Rysgal” PTB-nyň “Internet banking” hyzmatyny ulanmagyň şertleri:

• bankyň müşderisi bolmaly

• “Rysgal” PTB-nyň resmi web sahypasynda ýerleşdirilen “ýuridiki şahslara we hususy telekeçilere uzakdan hyzmatlary bermek baradaky” düzgünnama bilen tanyşmaly we degişli formalary doldurmaly we “Rysgal” PTB-na tabşyrmaly.

Giňişleýin maglumaty, “Rysgal” PTB-nyň resmi web saýtynda ýerleşdirilendir.


Habarlaşmak üçin: +99312964674.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň