Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar

10:4528.09.2020
0
1441

Türkmenistanda häzirki döwürde umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 25-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde Prezident Berdimuhamedow öz maksatnamalaýyn çykyşynyň barşynda belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan gurýan ýurt, kuwwatly döwletdir. Ýurtda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz Watanyň dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurtda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerlerini ösdürmek, ýurdy senagatlaşdyrmak, ulag-logistika düzümlerini döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäklerinde, şeýle hem berkarar Watanyň dürli künjeklerinde döwrebap täze obadyr şäherçeleriň gurluşyklary ýokary depginde dowam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň