Soňky habarlar

Arhiw

“Çelsi” transferden doýanok

17:5524.09.2020
0
1333

Angliýanyň “Çelsi” topary transferden doýanok. Frank Lampardyň tälimçiligindäki topar şu transfer möwsümindäki 7-nji transferini amala aşyrdy. Londonlylar Fransiýanyň “Renn” toparyndan senegally derwezeçi Eduar Mendini transfer etdiler. “Çelsi” topary 28 ýaşly Mendi üçin 24+6 million ýewrony “Renn” toparyna berer. Şeýle-de oýunçy täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Çelsi” Mendiden ozal, Ziýeş, Werner, Çilwell, Sarr, Tiago Silwa, Kai Hawerts ýaly futbolçylary transfer edipdi. “Çelsi” bu transferler üçin 230 million funt sterlingden gowrak pul harçlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň