UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynda “Dinamo Kiýew” bilen “Olimpiakos” ýeňiş gazandy

14:3824.09.2020
0
499

UEFA Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary düýnki geçirilen oýunlardan soň tamamlandy. Kiýewiň “Dinamosy” myhmançylykda “Genti” 2-1 hasabynda ýeňip, jogap duşuşygy üçin uly mümkinçilik gazandy. Ukrain toparynyň gollaryny 9-njy minutda Supriaha bilen 79-njy minutda De Pena derwezä girizdi. Gresiýanyň “Olimpiakos” topary-da Kipriň “Omoniýa” klubundan Walbuena (69 p) we El-Arabiniň (90+2) gollary bilen 2-0 üstün çykyp, toparçalara gatnaşmak ugrunda uly ädim ätdi. Molde bilen “Ferençwaroşyň” arasyndaky oýunda-da ýeňiş bolmady. Duşuşyk 3-3 (Jeýms 55, Eikrem 65, Ellingsen 83 – Boli 7, Uzuni 52, Haratin 87 p) hasabynda deňlikde gutardy. Çekeleşikli geçen oýunda Sergeý Rebrowyň tälim berýän “Ferençwaroş” topary 2-0 öňe saýlansa-da üstünligini saklap bilmedi. Jogap oýunlary 29-njy sentýabrda oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň