Soňky habarlar

Arhiw

“Google Drive” hyzmatynda awtomatiki "arassalamak" funksiýasy elýeterli bolar

09:0624.09.2020
0
1326

“Google” şereketi “Google Drive” bulut hyzmatyna täze funksiýa goşmaga taýynlanýar. Programmistleriň pikiriçe, boş disk ýeriniň ýoklugynyň öňüni almak üçin ulanyjylara belli bir wagtdan soň gereksiz faýllary awtomatiki pozmak mümkinçiligi berler.

Zibil gutusyna taşlanan faýllary "öz-özüňi arassalamak", bulut hyzmatynyň görkezilen bölüminde ýerleşdirilenden 30 gün soň amala aşyrylar. “Google” şereketiniň aýtmagyna görä köp ulanyjylaryň hapalary arassalamagy ýatdan çykarmagy netijesinde boş disk ýerleri gutardy.

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda meýilleşdirilen täzelenmeden soň, öz-özüňi pozmak goşmaça duýduryş bermezden awtomatiki usulda ýerine ýetiriler.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň