UEFA-da ýylyň futbolçysy baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

16:1923.09.2020
0
770

UEFA ýylyň erkekdir zenan futbolçysy baýraklarynyň dalaşgärleriniň sanawyny mälim etdi. Şol sanawa görä, UEFA-da ýylyň futbolçysy baýragyna “Bawariýanyň” oýunçylary – Robert Lewandowski, derwezeçi Manuel Noýer ýa-da “Mançester Sitiniň” ýyldyzy Kewin De Bruýne dagynyň haýsy hem bolsa biri mynasyp bolar. Zenanlaryň arasynda-da ýylyň futbolçysy baýragyna “Lion” toparynyň oýunçylary, baýragyň geçen ýylky eýesi angliýaly Lusi Bronz bilen fransiýaly Wendi Renar hem-de “Wolfsburgdan” “Çelsä” transfer bolan norwegiýaly Pernill Harder dalaşgärlige hödürlendi. Ýeňijiler 1-nji oktýabrda mälim ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň