Soňky habarlar

Arhiw

“Amazfit GTR 2” akylly sagady hödürlendi

10:0923.09.2020
0
957

“Xiaomi” şereketi tegelek çarçuwasyz ekran, datçik we öz gürleýjisi arkaly saz çalmak ukyby bilen enjamlaşdyrylan täze “Amazonfit GTR 2” akylly sagady hödürledi.

“Amazfit GTR 2” akylly sagady nusgawy we sport görnüşlerinde bar. AMOLED ekranynyň diametri 1,39 dýuým, iň ýokary ýagtylygy 450 cd/m2. Sport wersiýasynda alýumin garyndysy we silikon gaýyş bar, nusgawy wersiýasynda bolsa. poslamaýan polatdan deri gaýyş bar.

“Xiaomi” şereketiniň täze akylly sagady, ýürek işjeňligine takyk gözegçilik edýän has ösen ikinji nesil optiki datçigini özünde jemleýär. 

Sagat “SomnusCare” funksiýasyny ulanyp, ukynyň hilini we dowamlylygyny yzarlap bilýär.  “Amazfit GTR 2” akylly sagady  çykarylan wagty 12 sport režimini goldar, ýöne geljekde olaryň sany 90-a çenli artar. Şeýle hem, bu sagatda giroskop, GPS we ses güýçlendirijisi bar. Korpus suw geçirmeýän .             

“XiaoAI” ses kömekçisi, hatda tor birikmesiz hem 70-den gowrak buýrugy tanap biler. Sagat “NFC”, ‘Bluetooth”, “jaň habarnamalary”, “habarlar” we “programmalardan bildirişler” üçin goldaw aldy.

Kuwwatlylygy 471 mAh bolan batareýa adaty ulanylanda 14 gün dowam edýär. Sagady diňe wagty görkezmek bilen esasy tertibe geçirseňiz, iş wagty 38 güne çenli artar. GPS açylsa, iş wagty iki gün bolar we Tora işjeň birikmek bilen sagat bary-ýogy 10 sagat işlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň