“Inter” “Barselonanyň” ýarymgoragçysyny transfer etdi

16:1722.09.2020
0
388
“Inter” “Barselonanyň” ýarymgoragçysyny transfer etdi

Çilili ýarymgorgaçy Arturo Widal karýerasyny ýene-de Italiýada dowam etdirer. “Barselonanyň” çilili futbolçysy Arturo Widal Italiýanyň “Inter” toparyna transfer boldy. Italýan kluby Widalyň transfer bahasy hökmünde katalonlara 1 million ýewro berer. “Inter” 33 ýaşly oýunçy bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Italiýada ozal “Ýuwentusda” oýnan Widal karýerasy boýunça “Baýer” we “Bawariýa” klublarynda-da çykyş etdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň