Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen enjam» her gün 1000 metre çenli polimer öndürýär

09:5622.09.2020
0
876

«Türkmen enjam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­byn­da ýer­leş­ýän se­na­gat bin­ýadyn­da uly we ki­çi dia­metr­li suw tur­ba­la­ry­ny, şeý­le hem uly dia­metr­li la­gym tur­ba­la­ry­ny we elekt­rik ka­bel­le­ri­ni çek­mek üçin ga­syn­la­nan turba­jyk­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar — diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Hä­zir­ki wagt­da ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti dia­met­ri 110 mil­limetr­den 630 mil­li­met­re çen­li uni­wer­sal hi­mi­ki dur­nuk­ly­ly­gy we 50 ýy­lyň do­wa­myn­da 10-16 at­mos­fe­ra ba­sy­şa çy­dam­ly po­lie­ti­len hem-de po­lip­ro­pi­len suw we la­gymtur­ba­la­ry­ny ön­dü­rip baş­la­dy. Çig ma­lyň esa­sy bö­le­gi Gy­ýan­ly­da­ky gaz-hi­mi­ýa top­lu­myn­dan alyn­ýar.

Kär­ha­na­da her gün 200 metr­den 1000 met­re çen­li po­li­mer önüm ön­dü­ril­ýär. Tä­ze kuwwat­lyk­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi te­le­ke­çi­le­re je­ma­gat gul­lu­gy­nyň hem-de gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň dür­li gör­nüş­li tur­ba­la­ra is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyrma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.

Po­li­mer önüm­le­riň se­na­gat taý­dan ön­düril­me­gi­ni gu­ra­mak – Türk­me­nis­ta­nyň Se­nagat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­sy bo­lan «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan işi­niň tä­ze ug­ry­dyr. Te­le­ke­çi­ler on ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ýur­du­my­za en­jam­lary ge­tir­mek, şeý­le hem se­na­gat des­ga­la­ry­ny do­lu­ly­gy­na gu­rup, ulan­ma­ga ber­mek bi­len meş­gul­lan­ýar­.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň