Arhiw

19 möwsümden bäri gol geçirip gelýär

16:5821.09.2020
0
676
19 möwsümden bäri gol geçirip gelýär

Italiýanyň “Serie A” çempionatynda möwsümiň ilkinji tapgyrynda soňky çempion “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Sampdoriany” 3–0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda 1 gol geçirip, 1 goluň pasyny beren Kristiano Ronaldo öz karýerasynda taryhy netije görkezdi. Ol klub karýerasy boýunça yzly-yzyna 19 möwsüm tapawutlandy. 2002-2003 möwsüminde “Sportingiň” esasy düzüminde oýnap başlan Ronaldo şondan bäri geçen 18 möwsümde “Mançester Ýunaýted”, “Real Madrid” hem-de “Ýuwentus” toparlarynda, ýagny, klub futbolynda 639 gol geçirdi. 35 ýaşyndaky super ýyldyz 19-njy möwsüminiň-de ilkinji duşuşygynda tapawutlanyp, taryhy netije görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň