Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary spirtiň zyýansyzlandyryjy serişdelerde ulanylýan görnüşini ýerli şertlerde aldylar

12:5316.09.2020
0
1808

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary howa şertlerimize görä zyýansyzlandyryş erginleriniň täze görnüşlerini almak boýunça alnyp barlan işleriň çäginde ýerli çig mallar esasynda 5 sany täze birleşme — alkilsulfatammoniý, alkilsulfatnatriý, butilsulfonatriý, butilsulfoammoniý hloridi we alkilammoniý hloridini aldylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu birleşmeleriň bakteriýalara we kömeleklere garşy häsiýetleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň bakteriologiýa barlaghanasynda synagdan geçirildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýän edara-kärhanalar önümçilik üçin iň zerur bolan izopropil (propanol-2) spirtini daşary ýurtlardan getirip, zyýansyzlandyryjy serişdeleri öndürýärler. Emma alymlarymyz tarapyndan ýerli çig mallar esasynda (şeker we çakyr kärhanalarynyň galyndylary) berkligi 96,0 — 96,5 göterim bolan arassa izopropil spirti alyndy. Barlaghana şertlerinde alnandan soň, izopropil spirtiniň önümçilik ylmy-barlag işleri institutyň alymlary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynyň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Büzmeýindäki «Abadan» çakyr kärhanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde önümçilik tejribe-synag işleri geçirildi. Geçirilen önümçilik-tejribe işleriniň netijesinde oňyn netijeler gazanylyp, önümçilikde izopropil spirti alyndy.

«Maryşeker» AGPJ-de esasy önüm bilen bir hatarda, emele gelýän gapdal önüm bolan siwuş ýaglaryndan izopropil spirtini öndürmegiň tehnologiýasy işlenip düzüldi. Ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesi bu birleşmeleri hem-de izopropil spirtinden zyýansyzlandyryjy serişdeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Büzmeýindäki zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhanasynda öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny subut edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň