“OPPO A32” smartfony hödürlendi

14:4113.09.2020
0
670

“OPPO” şereketi orta baha kategoriýasyna degişli “OPPO A32” atly täze  
smartfony hödürledi.

Täze “Qualcomm Snapdragon 460” ykjam platformasynyň esaslanda ýasalan enjam 4 ýa-da 8 GB RAM bilen konfigurasiýalarda elýeterlidir. Bu iki ýagdaýda-da içerki ýat saklaýyş kuwwaty 128 GB bolup, mikro SD (256 GB çenli) ýat kartasyny gurmak arkaly kuwwatyny artdyryp bolýar. Smartfon 1600x720 piksel durulygy, 90 gers täzelenme tizligi we 6.5 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylandyr.

Enjamyň arka tarapynda 13 megapiksel (mp) esasy datçikden, 2 mp-lik çuňlukdaky datçikden we makro düşürmek üçin 2 mp-lik moduldan ybarat bolan esasy kameranyň gönüburçly blogy bar. Ekranyň öňündäki kamera 16 MP çenli  surata düşmäge mümkinçilik berýär.

8 wattlyk çalt zarýad beriş tehnologiýasy bolan 5000 mAh batareýa enjamyň özbaşdak işlemegini üpjün edýär. Yzky gapakda gurlan barmak yzy skaneri howpsuzlygy üpjün edýär. Smartfon gök, ýaşyl we gara reňklerde bolýar.


 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň