Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky gurluşykda tötänleýin taryhy gymmatlyk tapyldy

17:2412.09.2020
0
22874
Aşgabatdaky gurluşykda tötänleýin taryhy gymmatlyk tapyldy

Surat: tdh.gov.tm.

Türkmenistanda gurluşyk işleriniň barşynda taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmatlyklaryň alamatlaryna eýe bolan desgalar ýüze çykarylanda, bular barada gaýra goýman Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige ýa-da onuň ýerlerdäki bölümlerine – döwlet taryhy-medeni goraghanalara habar berilmelidir ― diýip, bu düzgün TDH-nyň habarynda ýene bir gezek ýatladylýar.

Bu resminama güýje girenden soň, geçen iki ýylyň dowamynda täze gurluşyk üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň dört müňden gowragynda barlag işleri geçirildi. Şol ýerlerde üsti ýapyk ýadygärlikleriň bardygy ýa-da ýokdugy barlanyldy.

Golaýda bolan waka hem döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasy bolup biler. Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar.

2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.

Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi.

Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň