Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota” şereketiniň Aýa äkitjek awtoulagynyň ady mälim edildi

23:2406.09.2020
0
1164

“Toyota” şereketi bilen Ýaponiýa kosmos gözleg gullugy tarapyndan Aýyň üstünde ulanmak üçin işlenilip düzülen awtoulagyň ady mälim edildi.

“Toyota” şereketiniň we Ýaponiýa kosmos gözleg gullugynyň (JAXA) halkara kosmos gözlegleri üçin döreden ulagynyň adyny mälim edildi. “SpaceCom”  atly resmi saýtda ýer alan habara görä, 2029-njy ýylda Aýa äkitmäge taýyn edilmegi meýilleşdirilýän bu ulagyň ady “Lunar Cruiser” ýagny “Aý kruizeri” diýlip atlandyryldy.  

2029-njy ýylda iberilmegi meýilleşdirilýän bu ulag Aýyň üstündäki gözleg işleri üçin ulanylar. Ulag çäkli energiýa çeşmeleri bilen bir aýda 10 müň kilometrden gowrak aralygy geçip biler.

Toyota we JAXA tarapyndan işlenip düzülen gözleg ulagynyň uzynlygy 6 metr, ini 5,2 metr we beýikligi 3,8 metr. Şeýle hem ulagyň ýaşaýyş meýdany 13 kub metr. 2 adamlyk bu ulag, adatdan daşary ýagdaýlarda dört adamlyk kuwwat bilen ulanylyp bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň