Türkmenistanyň Prezidenti talyplar üçin gurlan köpugurly sport merkeziniň işine badalga berdi

23:5201.09.2020
0
7161

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Täze okuw-edara toplumy “Ajaýyp gurlyşyk” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy — diýip, TDH habar berýär.

Açylyş dabarasynda milletiň Lideriniň hem nygtaýşy ýaly, bu toplum geljekde Garaşsyz ýurdumyzyň milli we olimpiýa ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Olimpiýa hem-de Aziýa oýunlaryna, dünýäde geçirilýän beýleki iri halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamaga mümkinçilik berer.

Toplum bilen tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutany sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçilerdir türgenler bilen hem söhbetdeş boldy. Olara öňde duran halkara ýaryşlarda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen olimpiýaçylaryny we ýokary hünärli tälimçiler düzümini taýýarlamak üçin ygtybarly binýada öwrüljek iki gatly köpugurly sport toplumynda bilýard we küşt üçin niýetlenen zallar, mugallymlar üçin niýetlenen otaglar hem-de bedeni owkalaýyş otaglary, lukmançylyk bölümi hem-de beýleki otaglar ýerleşýär.

Binanyň birinji gatynda ýerleşen türgenleşik meýdançalarynyň ählisi 100 adama niýetlenendir, ikinji gatda bolsa bir wagtyň özünde 50-den gowrak talyp meşgullanyp biler.

Desganyň ýanaşyk ýerinde bäş gatly 450 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, dynç alyş zolagy, awtoduralga, welosiped we ylgaw ýodajyklary döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň