Murgap önümçilik birleşiginde her gün 4 tonna çenli miwe gaplanylýar

15:0231.08.2020
0
7187

Mary welaýat alyjylar jemgyýetler birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň işçileri häzirki günlerde gaplama önümleriniň görnüşlerini hem-de mukdaryny barha artdyrýarlar — diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Şu günler önümçilik birleşiginiň önümhanasynda pomidor, kelem, hyýar, käşir ýaly gök-bakja önümleriniň duzlanan görnüşlerini, şonuň ýaly-da, miwe şerbetlerini taýýarlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ekologiýa taýdan arassa gök-bakja önümleriniň we miweleriň bu ýerde her günde ortaça 3,5—4 tonna golaýy kabul edilip, senagat taýdan gaýtadan işlenilýär we gaplanyp, taýýar görnüşe getirilýär.

Öndürilýän azyk önümleriniň hil derejesine aýratyn üns berýän önümhananyň işgärleriniň birleşen tagallasy netijesinde, bellenilen meýilnamalaryň artygy bilen ýerine ýetirilýändigi bolsa, aýratyn agzalmaga mynasypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň