Soňky habarlar

Arhiw

“Barselonanyň” taryhy ýeňlişi

11:5315.08.2020
0
1209

UEFA Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň düýnki oýnalan oýnunda ýatdan çykmajak taryhy netije hasaba alyndy. Onsuzam tutuş dünýäde adaty bolmadyk ýagdaýyň höküm sürýän şu günlerinde olaryň hataryna ýene biri goşuldy. Hawa, “Barselona” 1 duşuşykda, onda-da Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda 8 gol geçirtdi. Her ýarymda “Barselona” 1, “Bawariýa” 4 gol geçirdi.

Eýýäm 4-nji minutda “Bawariýa” Mülleriň goly bilen hasaby açdy. Ýöne bu gola ispan toparynyň jogaby gijikmedi. 7-nji minutda Dawid Alaba topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesine girizdi. Şondan soň, Messiniň bir topy sütünden yzyna gaýtdy. Ine şol pursatdan soň bolsa, welin “Bawariýa” üçin taryhy ýeňşiň başy başlandy. 22-nji minutda Iwan Perişiç, 27-nji minutda Serge Gnabri, 31-nji minutda-da ýene Tomas Müller tapawutlandy we hasap 1-nji ýarymda 4-1- ýetdi.

2-nji ýarymda-da, has takygy, 57-nji minutda Luis Suares owadan gol geçirip, toparyny az-owlak umytlandyrdy. Ýöne nemes maşynyny saklamak mümkin däldi. 63-nji minutda Alfonso Deýwiesiň owadan hereketlerden soň beren pasyny Joşua Kimmih tora girizip, hasaby 5-2-ä çykardy. 82-nji minutda ýaryşyň iň netijeli oýunçysy Robert Lewandowski hem dabara 1 golluk goşant goşdy. Oýna soňundan goşulan “Barselonanyň” ozalky oýunçysy, hatda häzirem katalonlara degişli bolan Filippe Koutinio özüni nemes klubuna arenda ugradan toparynyň derwezesinden ýene-de 2 gol geçirip, taryhy ýeňşe soňky nokady goýdy. 8-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Bawariýa” duşuşyk ýene-de 10-15 minut oýnalan bolsa, onda aratapawut türgenleşik duşuşyklarynda hasaplara meňzäp bilerdi. Şeýlelikde, “Bawariýa” 20-nji gezek ýarym finala çykdy. Onuň ýarym finaldaky garşydaşy şu günkin “Mançester Siti”–“Lion” duşuşygyndan soň belli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň