Türkmenistanyň orta mekdeplerinde tehniki we tehnologik ugurly synplar açylar

09:3715.08.2020
0
14658

Ýylyň ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan başlap, dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň giňeldilip okadylmagyny guramak üçin netijeli çäreleriň görülmelidigini belledi. Orta mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurly synplary açmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin örän zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň