Türkmenistanda “Nurýüpek” atly ilkinji onlaýn matalar dükany açyldy

22:5414.08.2020
0
30808

“Google Play”-de köýneklik matalaryň “Nurýüpek” atly ilkinji onlaýn dükany peýda boldy.  “Nurýüpek” brendine degişli bolan bu ykjam programma üpjünçiliginde Hytaý döwletinde öndürilýän ýokary hilli gülýüpek, bambuk we atlaz matalary arzan hem-de amatly bahadan satyn almak mümkinçiligi döredilen.

“Nurýüpek” ykjam programma üpjünçiligi sada, şeýle-de ulanyjylar üçin düşnükli, göze ýakymly dizaýn bezeg sazlaşygy, ulanmak amatlylygy, matalary saýlamak we gözlemek üçin ýeňillikli funksiýalar bilen üpjün edilipdir. Bu internet dükanynyň esasy aýratynlygy gülýüpek matalaryň köp görnüşli we bahalarynyň amatly bolmagy bilen bir hatarda, müşderileriň sargytlaryny tiz wagtda we mugt öýe eltip bermek hyzmatynyň hem ýola goýlanlygydyr.

Gül ýüpek we bambuk matalaryň satuwy bilen meşgullanýan “Nurýüpek” brendiniň ýurdumyzyň çäginde birnäçe dükanlarynyň açylandygy barada ozal  habar beripdik.

iOS oprasiýon sistemasy üçin  hem ykjam programma üpjünçiligi ýakyn wagytda ýola goýular.

“Nurýüpek” ykjam programma üpjünçiligini şu salgydan alyp bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň