Soňky habarlar

Arhiw

“Toyota Supra” awtoulaglarynda «BMW M3»-iň hereketlendirijileri gurnalar

17:4513.08.2020
0
1066

“Toyota” şereketiniň çäkli önümleriniň biri bolan “Toyota Supra” awtoulaglarynda «BMW M3»-iň hereketlendirijileri gurnalar. Täze awtoulag şereketiň öndüren iň kuwwatly awtoulagy bolar. 

Häzirki wagtda «Supra» awtoulaglarynyň iň kuwwatlysynda 382 at güýji bolan «BMW Z4»-iň hereketlendirijisi bardyr. Hereketlendirişde yzky tekerleri esasy işi ýerine ýetirýän bu ulag 8 geçirijili awtomat görnüşde dolandyrylýar. 

Geljekde Toyotanyň köpçülikleýin goýberen iň güýçli awtoulagy bolmaly «Suprada» 512 kysymly «BMW M Motorsport» benzin hereketlendirijisi oturdylar. Emma dört tekeri hem işleýän «BMW M3/M4» awtoulaglardan tapawutlylykda Toyota Supralarda diňe yzky tekerler hereket eder. Bu täze öndüriljek awtoulagyň sany bary-ýogy 200-e deň bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň