Wi-Fi ulgamyna 6 GHz täze ýygylyk diapazony ornaşdyryldy

17:3913.08.2020
0
1052

ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasy tarapyndan Wi-Fi ulgamyna 6 GHz täze ýygylyk diapazony ornaşdyryldy. «The Verge» kompaniýasy bu barada birnäçe aýyň dowamynda ulanyjylaryň has çalt simsiz interneti we öý routerleri üçin mugt kanallary alyp biljekdigini belledi.

Hünärmenler 6 GHz Wi-Fi üçin täze ýygylyk diapazonynyň açylmagy bilen baglanyşyklary has ygtybarly etjekdigini belläp geçdiler. Bu bolsa häzirki zaman tehnologiýalarda işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Ýagny, häzirki zaman routerleri 2.4 GHz we 5 GHz diapazonda işleýär. Şeýle hem, onda öý we senagat enjamlarynyň köp bolmagy sebäpli, köplenç, signallar biri-biriniň üstüne düşýär, ýoýulmalara we signalyň ýitmegine sebäp bolýar.

Täze önümleriň şu ýylyň ahyryna çenli birnäçe artykmaçlyklary bolan Wi-Fi 6 GHz-ni goldap başlamagyna garaşylýar. “Wi-Fi 6E” ýörite bellige eýe bolan enjamyň ýokary tizligi 9.6 Gb/s-a barabardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň