Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly diplomatik wezipesine girişdi

21:4712.08.2020
0
6933

14-nji awgustda Türkmenistanyň konsuly G.Garaýewiň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Gubernatory I.Ýu.Babuşkin bilen duşuşygy geçirildi ― diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda konsul gubernatora Konsullyk ekzekwaturasynyň nusgasyny gowşurdy. Gubernator konsula türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine gönükdirilen täze diplomatik wezipesinde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli pudaklary boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gämi gurluşyk, bilim we Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk ýaly pudaklarda Astrahan oblasty bilen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine taýýarlyk bildirildi.

Duşuşygyň dowamynda Astrahan oblastynyň Olýa deňiz portunyň ýakyn geljekde degişli çäginde dörediljek aýratyn port ykdysady zolagynda Türkmenistandan getiriljek harytlar üçin soňralygy bilen giňeldilmek şertleri bolan logistika merkezini açmagyň mümkinçilikleri babatynda pikir alşyldy.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Astrahanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky meselä hem seredip geçdiler. Bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam, syýahatçylygyň we işewürligiň ösdürilmegine bolsa itergi berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň