Soňky habarlar

Arhiw

Toýota wodorod bilen işleýän ýük awtoulagyny döretmekligi meýilleşdirýär.

19:5210.08.2020
0
1236

«Toýota» kompaniýasy özüniň «Hino» atly golçur kärhanasynda wodorod bilen işleýän ýük awtoulagyny döretmegi meýilleşdirýär. Ýük awtoulagynda hem «Mirai» atly wodorod bilen işleýän ýeňil awtoulagdaky ýaly tehnologiýa ulanylar. Emma, elbetde, ýük awtoulagynda ýangyç bagy uly bolar. Bir gezek doldurylan ýangyç bilen ulag 600 kilometr menzil geçip biler. 
Kompaniýa her gün ýüzlerçe kilometr ýol geçýän ýük awtoulaglary üçin, elektrik togy bilen işleýän hereketlendirijileriň ýerine wodorod bilen işleýän ulgamyň döredilmeginiň has amatly bolýandygyny mälim etdi. Şeýle awtoulaglary ýangyç bilen doldurmagyň ýeňil boljakdygy bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň