Germaniýanyň «Lilium» kompaniýasy uçýan taksiniň taslamasyny maliýeleşdirýär

19:4510.08.2020
0
885

Germaniýanyň «Lilium» kompaniýasy uçýan taksiniň taslamasyny maliýeleşdirmegiň ýene bir tapgyryny tamamlady. Bu kompaniýa 240 million dollardan gowrak serişde jemledi. Maýa goýumçylaryň arasynda öňdebaryjy hytaý ägirdi «Tencent» kompaniýasy hem bar. 
«Lilium» kompaniýasy bu maliýe serişdeleriniň hasabyna 2025-nji ýylda 100 töweregi uçary öndürmäge mümkinçilik berýän täze zawody gurmagy meýilleşdirýär. Bu uçarlar uçýan taksi hyzmatynda ulanylar.
Kompaniýanyň işläp düzen uçýan enjamlary hereketlendirijiler bilen üpjün edilip, dürli ugurlara ugruny üýtgetmäge mümkinçiligi bolar. Onuň uçuş aralygy bolsa 300 kilometre deň bolar. Kompaniýanyň uçýan ulaglary adaty taksilerden birneme gymmat bolsa-da, ondan 4 esse çalt hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň