Soňky habarlar

Arhiw

Rumyniýada Türkmenistana bagyşlanan sergi açyldy

12:0310.08.2020
0
11412

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Türkmenistan — Rumyniýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Iştwan-Ýanoş Antal, Rumyniýanyň Kareý şäheriniň häkimligi hem-de Medeniýet müdirligi bilen bilelikde Türkmenistana bagyşlanan şekillendiriş sungaty we etnografiýa eserleriniň hem-de fotosuratlaryň sergisini gurady. Rumyniýanyň Wengriýa bilen araçäkleşýän Satu-Mare welaýatynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kareý şäherinde açylan sergi hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesine bagyşlandy.

Satu-Mare welaýatynyň görnükli ylym we medeniýet işgärleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we şäheriň ýaşaýjylarynyňdyr myhmanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen serginiň açylyş dabarasynda Kareý şäheriniň häkimi, Türkmenistan — Rumyniýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy we beýleki myhmanlar çykyş etdiler, Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolsa bu çärä Buharestden wideoaragatnaşyk arkaly goşuldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Karoý köşgüniň sungat galereýasynda ýaýbaňlandyrylan bu sergi Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistan — Rumyniýa parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Iştwan-Ýanoş Antalyň türkmen halkynyň medeni mirasyna hem-de ahalteke bedewlerine degişli toplan şahsy fotosuratlary, ilçihana tarapyndan hödürlenilen elde dokalan türkmen halylary hem-de milli lybaslardyr el işleri, saz gurallardyr halkyň milli mirasynyň aýratynlyklaryny açyp görkezýän başga-da ençeme gymmatlyklar sergini görmäge gelen myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle hem sergide Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary hem-de Türkmenistan hakyndaky makalalardyr dürli neşirler hem görkezildi. Türkmenistana bagyşlanan şekillendiriş sungaty we etnografiýa eserleriniň hem-de fotosuratlaryň sergisi 6-njy sentýabra çenli öz işini dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň