2030-njy ýylda 31 million elektrik awtoulagy ýollarda bolar

20:5409.08.2020
0
1433

Deloittiň pikirine görä, 2030-njy ýyla çenli satylan ulaglaryň üçden biri elektrik  bolup, onuň umumy sany 31 milliona ýeter.

Soňky ýyllarda köp kompaniýalaryň elektrikli awtoulaglara aýratyn üns bermegi netijesinde bu ulaglaryň sany ep-esli artýar. Munuň özi geljekde elektrikli awtoulaglaryň bazary eýelejekdigini görkezýär. Deloitte 2030-njy ýyla çenli satylan ulaglaryň üçden biriniň elektrik ulagy boljakdygyny we bu ulaglaryň umumy sanynyň 31,1 milliona ýetjekdigini, ýagny öňki çaklamadan 10 million köp boljakdygyny çaklaýar.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli şu ýyl elektrik ulagy satuwynyň kesilmegine garamazdan, satuwlaryň dünýäde 2,5 milliona ýetmegine garaşylýar.

Elektrik ulaglarynyň sany çalt artýar. Deloitte ýyllyk ösüşi hasaplamak arkaly geçirilen barlaglaryň netijesinde 2025-nji ýylda elektrik ulaglarynyň umumy sanynyň 11,2 milliona, 2030-njy ýylda 31,1 milliona ýetjekdigini çaklaýar. Şeýle hem 2030-njy ýyla çenli doly elektrikli ulaglaryň gibrid ulaglara bolan gatnaşygynyň 81 göterime ýetjekdigi mälim edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň