Arhiw

Russiýada okaýan daşary ýurtly talyplar indi ýörite patentsiz hem işläp bilerler

16:1208.08.2020
0
17666
Russiýada okaýan daşary ýurtly talyplar indi ýörite patentsiz hem işläp bilerler

Russiýada bilim alýan daşary ýurtly talyplar mundan beýläk ýörite rugsatnamasyz ― patentsiz hem okuwdan daşary işläp bilerler. Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň degişli karary 5-nji awgustdan güýje girdi.

Indi Russiýada galyp bilim alýan daşary ýurtly talyplar kanuny ýagdaýda goşmaça girdeji gazanyp bilerler. Iş beriji bilen şertnama baglaşmak üçin olaryň okaýan ýerinden kepilnama talap edilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebi döwlet tarapyndan bellige alnan bolmaly.

Eger talyp işde özüni görkezip bilse, kompaniýa okuwyny tamamlandan soň hem onuň bilen hünärmen hökmünde şertnama baglaşyp biler. Bu gezek şertnama talyp bilen däl-de, ýörite bilimli we diplomly hünärmen hökmünde baglaşylar.

Deslapky maglumatlara görä, häzir ýurtda 241 müň çemesi daşary ýurtly talyp okaýar. Şolaryň 27 müňden gowragy türkmenistanly talyplardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň