Arhiw

«Altyn tug» banan ýetişdirmegi meýilleşdirýär

11:5407.08.2020
0
1984

Daşoguz welaýatynyň S.Nyýazow adyndaky etrabynyň çägindäki «Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana toplumynda öndürilýän gök önümleriň görnüşini artdyrmak boýunça tehnologik işler alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu ýerde geljekde banan ekiljek ýerleri taýýarlamak üçin agrotehniki çäreler geçirilýär.

Häzirki wagtda umumy meýdany 12 gektara barabar bolan toplumyň 10 gektarynda pomidoryň 8 görnüşi, galan böleginde ýertudananyň 3 görnüşi, şeýle-de gyzyl we sary reňkli bolgar burçy ýetişdirilýär.

Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumyň ekologiýa taýdan arassa, uzak wagtlap terligini ýitirmeýän, tagamly önümlerine ýurdumyzyň çäginden daşarda hem isleg artýar. Şu ýyl ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilen gök önümleriň 1000 tonnadan gowragy daşary ýurtlara eksport edildi.

Demirgazyk sebitiň gök hem bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýän täze toplumda her hepdäniň dowamynda pomidoryň 20 — 25 tonnasy, ýertudananyň 400 — 450 kilogramy, bolgar burçunyň hem ýarym tonna golaýy ýygnalyp, sarp edijilere ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň