Soňky habarlar

Arhiw

“Sewilýa”, “Baýer”, “Bazel” hem-de “Wulwerhempton” çärýek finalda

11:1307.08.2020
0
2222
“Sewilýa”, “Baýer”, “Bazel” hem-de “Wulwerhempton” çärýek finalda

Ýewropa ligasynda 1/8 finalyň galan 4 duşuşygy-da tamamlanyp, çärýek finala çykan toparlaryň hemmesi belli boldy. Düýnki oýunlaryň arasynda iň esasysy “Sewilýa” bilen “Romanyň” arasyndaky duşuşyk bolup, 1 gün öň oýnalan başga ispan-italýan toparlarynyň duşuşygynda italýanlar 2-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Bu duşuşyk hem şol hasap bilen tamamlandy, ýöne ýeňiş ispan klubunyň tarapynda boldy. Reguilon (22) hem-de En-Nesiriniň (44) gollary bilen ýeňiş gazanan “Sewilýa” çärýek finala çykdy. Düýn gijeki oýnalan beýleki 3 duşuşyk hem ýer eýeleriniň 1–0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. “Baýer” öz meýdançasynda “Reýnjersi” Diabiniň (51), “Bazel” Şweýsariýada “Aýntrahty” Freýiň (88) gol geçirmeginde 1-0 utdy. Olaryň ikisi-de 1-nji oýunlarynda 3 golly ýeňiş gazanypdylar. 1-nji duşuşygy deňlikde tamamalanan oýunda “Wulwerhempton” öz meýdançasynda “Olimpiakosy” Raul Himenesiň 9-njy minutdaky penalti goly bilen 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, 10-11-nji awgustda Germaniýada geçiriljek çärýek finalda “Mançester Ýunaýted”– “Kopengagen”, “Inter”–“Baýer” “Şahtýor”–“Bazel” hem-de “Wulwerhempton”–“Sewilýa” duşuşyklary oýnalar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň