Soňky habarlar

Arhiw

“Galaxy Watch 3” tanyşdyryldy

18:5006.08.2020
0
1108

“Samsung” “Galaxy Unpacked 2020” atly çäräniň çäklerinde mobil enjamlary bilen bir hatarda “Galaxy Watch 3” atly “akylly” sagadyny tanyşdyrdy. Daşky şekili nusgawy sagatlara meňzeş bolan enjam “akylly” sagat bazaryndaky bäsdeşligi has hem ýitileşdirer. “Akylly” sagat öndürmekde “Apple” we “Huawei” ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary bilen bilelikde “Garmin” ýaly diňe sagat öndürmek bilen meşgullanýan brendler hem çykyş edýär. Täze sagatlaryň iki görnüşi bolup, biriniň ekrany 41 mm, beýlekisiniňki 45 mm ululygynda. Tegelek şekilli sagatlar 360x360 piksel durulygynda, “Super AMOLED” ekran bilen üpjün edilipdir. Sagat “Gorilla Glass DX+” tehnologiýasy arkaly çyzylmaga we urga çydamlydyr. “Always on Display” atly aýratynlyk bolsa, batareýasyny tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär. Kümüş, gara we mis reňkli görnüşleri bolan sagatlar poslamaýan polatdan öndürilipdir. Sagadyň bagyny islegiňe görä çalşyp bolýar.

Sagatlaryň kiçisi 400 dollardan, ulusy 430 dollardan müşderilere ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň