Soňky habarlar

Arhiw

Köýtendagly lukman dermanlyk bagy döretdi

16:0105.08.2020
0
7760
Köýtendagly lukman dermanlyk bagy döretdi

Köýtendagly lukman Abdyrahman Abdyllaýew «dagdaky dermanlyk bagyny» döretdi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzda ýerleriň kärendesine berlip başlanmagy bilen, Abdyrahman aga Hojaýpil obasyndan dag eteginde öň özleşdirilmedik ýerden bir gektar ýeri kärendesine alýar we 1-1,5 kilometrlik uzaklykdaky dag çeşmesiniň suwuny jarlykdan geçirip, daşlary aýryp, ol ýerde itburun we beýleki dermanlyk ösümlikleri ekip, bag döredýär.

― Alymlaryň maglumatlaryna görä, bu ýerde ösümlikleriň 872 görnüşi ösüp, olaryň 10 göterimi diňe şu ýerde duş gelýän endemik ösümlik hasaplanylýar. Ösümlikleriň 130-sy bolsa halk we ylmy lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk ösümliklerdir. Köýtendagyň biziň bagymyza ýanaşyk ýerlerinde hem şol ösümlikleriň ýetmiş göterime golaýy ösýär. Bagymyzyň hut şu ýerde döredilmegi belli bir derejede şol dermanlyk ösümlikleri goramaga we köpeltmäge hem şert döredýär ― diýip, halypa lukman gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň