Türkmenistanyň Bitaraplygynyň resmi saýtynda onlaýn sergi bölümi işläp başlady

16:0601.08.2020
0
2393
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň resmi saýtynda onlaýn sergi bölümi işläp başlady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan resmi saýtda onlaýn sergi bölümi işläp başlady. Bu bölüm saýtyň ähli ulanyjylaryny Türkmenistan bilen gaýybana tanyşdyrýar.

Onlaýn sergi bölekleýin pawilýonlaryň birnäçesinden ybarat.  Olar «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» atly pawilýondan başlap, ýurduň söwda, ykdysady, maliýe we bank, senagat we gurluşyk, nebitgaz, ulag we kommunikasiýa, bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport, oba hojalyk medeniýet toplumlarydyr ulgamlarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň pawilýonlary bilen dowam edýär.

Onlaýn sergi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň geçmişi we şu güni bilen ýakyndan tanyşmak isleýänler üçin oňat mümkinçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň