Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabadyň tikin fabrigi agyz-burun örtügini öndürýär

14:2431.07.2020
0
1420

Agyz-burun örtügini öndürip başlan dokma kärhanalarynyň hataryna Türkmenabadyň tikin fabrigi hem goşuldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Bu ýerde şeýle örtükleriň her gün müňlerçesi taýýar edilip, Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn asyr» söwda merkeziniň dükanlaryna ugradylýar. Ýokary hilli, we saglyk üçin örän peýdaly bolan bu örtükler baha taýdan hem elýeterlidir.

Umuman, kärhananyň şu ýyly zähmet ýeňişlerine besleýändigini aýtmak gerek. Iýul aýy heniz tamamlanmanka, bu ýerde ýylyň ýedi aýy boýunça işler 130 göterime ýakyn berjaý edildi. Alnan girdejiniň mukdary bolsa birnäçe million manada ýetýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň