Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory Roberto Azewedodan hat gelip gowuşdy.
BSG-niň ýolbaşçysy öz hatynda türkmen Liderini Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasynda synçy derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar. Hatda-da nygtalyşy ýaly, bu baradaky çözgüt onuň agzalary tarapyndan 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşiniň mejlisinde kabul edildi.
«Bu gazanylan üstünlik Siziň 2013-nji ýylyň ýanwarynda Bütindünýä söwda guramasy bilen resmi gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen başlan işiňiziň netijesidir» diýip, BSG-niň ýolbaşçysy belleýär. Şeýle hem synçy derejesiniň Türkmenistana köptaraply söwda ulgamyna hem-de dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýar.
«Bütindünýä söwda guramasynyň Sekretariaty Türkmenistana özüniň synçy hökmündäki wezipesini amala aşyrmaga hem-de agzalyk baradaky gepleşiklere taýýarlyk görmäge ýardam bermäge taýýardyr.
Jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin» diýip, hatyň ahyrynda aýdylýar.