Soňky habarlar

Arhiw

Bäherdende Çeper halçylyk kärhanasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar

17:1330.07.2020
0
718

Bäherden etrabynda gurulýan Çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

«Aşgabatdemirbeton» ýöriteleşdirilen kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan bu desganyň gurluşygynda ezber elli hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär ― diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bir gektar meýdany eýeleýän kärhana ýanaşyk ýerde önümhana binasy hem göz öňünde tutuldy. 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda gurluşygyna girişilen täze, döwrebap desga ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylar.

Onuň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanylmaga berilmegi bilen, ol ýerde gelin-gyzlaryň 150-siniň döwrebap derejede zähmet çekmegine ajaýyp mümkinçilik dörär. Kärhanada çeper elli halyçylaryň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler üpjün ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň